Ýylyň sowuk möwsümi öýleri, kärhanalary we edaralary «mawy ýangyç»
bilen üpjün edijiler üçin jogapkärçilikli döwürdir. «Aşgabatgaz» kärhanasy
tarapyndan amala aşyrylýan çäreleriň toplumy sarp edijileriň üznüksiz gaz
üpjünçiligine we şäheriň gaz hojalygynyň kadaly işlemegine gönükdirilendir.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazetiniň habar bermegine
görä, bu günki güne çenli gyş möwsümine taýýarlyk işleri doly derejede
tamamlandy. Şeýle hem gazçylar hojalykda gazdan howpsuz peýdalanmak
boýunça goşmaça gözükdirmeleri geçýärler. Köp öýli jaýlaryň içerki öý we içerki
otag gaz enjamlarynyň ýagdaýyna aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyzda täze ýaşaýyş jaýlarynyň, jaý toplumlarynyň gurluşygyny ýokary
depginde alnyp barylýar, her ýyl täze döwrebap obalar peýda bolýar. Öz
gezeginde, täze ýaşaýyş toplumlarynyň emele gelmegi «Türkmengaz» döwlet
konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gazçylarynyň öňünde hem täze
wezipeleri goýýar.
Hususan-da, birleşigiň hünärmenleri ilaty üznüksiz gaz bilen üpjün etmek,
gaz geçirijileri gyş möwsümine taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar.
Bu ugurda Büzmeýin etrabynda işleriň toplumy amala aşyryldy. Güýz-gyş
möwsüminiň başyna çenli etrabyň çägindäki ýaşaýyş toplumynda 4 sany täze gaz
sazlaýjy we 8 sany gaz bekleýji desgalary oturdyldy. «Büzmeýinetrapgaz» gaz
kärhanasynyň işgärleri elektrik izolirleýji gorag enjamlarynyň abatlaýyş işlerini
geçirdiler, paýlaýjy gaz geçirijileriniň bekleýji armaturalarynyň tehniki hyzmatyny
amala aşyrdylar.
Gazçylaryň gyş möwsümine taýýarlyk işleri doly derejede tamamlandy
