Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň,
şeýle hem hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa
hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň
Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy
arzuwlaryny iberdi.
Milli Liderimiz Gutlagynda Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda
Gyrgyzystanyň döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny
gowulandyrmakda we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny ýokarlandyrmakda uly
üstünlikleri gazanandygyny belledi.
Milli Liderimiz Gutlagynda: “Men «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde
ýaňy-ýakynda bolan duşuşygymyzy örän ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Şol
duşuşykda açyklyk hem-de ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň
dowamynda türkmen-gyrgyz dostlugyny we hyzmatdaşlygyny ösdürmäge iki
tarapyň hem çalyşýandygy hem-de taýýardygy ýene bir gezek tassyklandy” diýip,
bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň
mundan beýläk-de biziň halklarymyzyň bähbitlerine pugtalandyryljakdygyna ynam
bildirdi.
BAŞ SAHYPA: Syýasat Türkmenistanyň Prezidenti gyrgyz kärdeşini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti gyrgyz kärdeşini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
