Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň
bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär.
Häzirki wagtda «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-
göýberiş nokatlaryndan gündelik esasda 70-den gowrak demirýol wagonlary hem-
de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri göýberilýär.
Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary
döwlet serhedinden göýberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär.
Şu nukdaýnazardan, owgan tarapynyň Owganystana eksport edilýän harytlar
üçin gümrük paçlaryny arzanladandygyny hem bellemek zerurdyr.
Türkmen-Owgan serhedindäki gözegçilik geçiriş nokatlary bökdençsiz işleýär
