Alymlar ýuwudylýan kapsulalara goýulýan, insulin pompasyny döretdiler. Ol
gandaky glukozanyň, derejesini kadaly dikeltmek üçin mümkinçilik berer. Bu
usuly eýýäm, aşgazan asty mäzleri bolmadyk doňuzlarda synagdan geçirildi.
Umuman, garyn boşlugyna insuliniň göýberilmegi 1-nji görnüşli süýji keseli
üçin perspektife metod hasaplanýar. Şu wagta çenli diňe kateteriň kömegi bilen,
garyn boşlugynyň rezerwuara birikme metody ulanyldy. Şeýle-de bolsa, bu
metodyn kemçilikleri bar – zäherlenme bolup biler.
Alymlar bu metoda alternatiwa teklip etdiler. Olar kiçijik jübi telefonynyň
ululygyndaky enjamy işläp döretdiler. Ol näsagyň garnynda, inçe içegäniň üstünde
ýerleşip, insulini goýberýär. Ony doldurmak üçin insulin kapsulasyny ýuwutmaly.
Boş kapsula soňra bedenden adaty ýagdaýda çykarylýar. Enjama simsiz zarýad
berilýär.
Ol eýýäm,aşgazan asty mäzleri bolmadyk üç doňuzda oturdyldy. Enjamyň
täsirlidigini subut etdi.