CNN habar gullugynyň habaryna görä, Kolorado uniwersitetiniň ýanyndaky
gar we buz maglumatlaryny işläp taýýarlaýan Milli merkeziniň uly ylmy işgäri Ted
Skambos gözegçilik edilýän döwüriň taryhynda, ilkinji gezek Grenlandiýanyň
depesine ýagyş görnüşli ygal düşdi diýip,aýtdy.
Hünärmeniň sözlerine görä, bu Grenlandiýanyň çalt gyzýandygyny
görkezýär. Geçen dynç güni, Grenlandiýada temperatura soňky on ýylda üçünji
gezek noldan ýokary galdy.
Ýyekşenbe güni ýitirilen buz massasynyň mukdarynyň, ýylyň şu döwri üçin
kadadan ýedi esse ýokarydygy bolandygyny bellendi.
“Häzirki bolup geçýän zatlar, – ýönekeý üýtgeýän klimat şertlerindäki, ýyly
howanyň on ýa-da ýigrimi ýyllygy däl. Bu görlüp-eşidilmedik zat "-diýip alym
belläp geçdi.
Grenlandiýanyň daglarynda güýçli ýagyş ýagdy
