Kanunyň täzeden işlenen görnüşine laýyklykda, döwlet, degişli ýaşda
nikalaşmagy we çaga dogurmagy, şeýle hem maşgalanyň üç çagaly bolmak
hukugyny makullaýar. Hökümet, ene-atalaryň çagalaryň dogulmagyna we terbiýesi
üçin çykdajylaryny azaltmak üçin, çagalary bolan ýaş maşgalalar üçin maliýe,
salgyt, ätiýaçlandyryş, bilim we ýaşaýyş jaý ýeňilliklerini girizmede borçlanýar.
"Bir maşgala – bir çaga" şygary bilen çaga dogluşyna çäklendirmeler,
Hytaýda 1979-njy ýyldan bäri hereket edýär.
2013-nji ýylda hökümet, maşgaladaky eje ýa-da kakanyň öz ene-atasynyň
ýeke täk çagasy bolan maşgalalara, ikinji çaga dogulmagyna rugsat berdi. 2015-nji
ýylda maşgalalara iki çaga edinmäge rugsat berildi. Şu ýylyň iýul aýynda ýurt
üçünji çaganyň dünýä inmegi üçin jerime we beýleki sanksiýalary ýatyrmak
kararyna geldi.