Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç US Open-iň dörtden bir finalynda 5:7, 6:2, 6:2, 6:3
hasaby bilen italiýaly Matteo Berrettinini utdy.
34 ýaşly serbiýaly türgen üçin bu ABŞ-nyň Açyk çempionatynda 80-nji ýeňiş boldy
diýip,  sport-express.ru  habar berýär. Bu turnirde ondan köp ýeňiş diňe Jimmi Konnorsda
(98) we Rojer Federerde (89) bar. Şeýle-de, Jokowiç Andre Agassiden (79) öňe geçdi.
Jokowiç karýerasynda üç gezek US Open-de ýeňiji boldy (2011, 2015, 2018) we bäş gezek
finalda (2007, 2010, 2012, 2013, 2016) utuldy.
Ýarym finalda Jokowiç germaniýaly Aleksandr Zwerew bilen duşuşar.