Hytaýyň Xiaomi smartfon öndürijisi täze önümleriniň adynda “Mi-ni” ulanmagy bes eder. Bu
barada kompaniýanyň resmi wekiline salgylanyp, “XDA Developers” neşiri habar berýär.
“2021-nji ýylyň üçünji çärýeginden başlap, Mi önüm hatarynyň ady Xiaomi bolar. Bu
üýtgeşme biziň brendimiziň global barlygyny birmeňzeş eder we brende hem-de onuň
önümlerine düşünmekde üzňeligi aradan aýrar” – diýip, neşir kompaniýanyň wekiliniň
sözlerini getirýär.
Hytaý öndürijisi gajetleri iki at – Xiaomi we Redmi bilen çykarar. Xiaomi logotipi bilen lýuks
klasyndaky flagman önümler, Redmi logotipi bilen giň köpçülige, hususan-da ýaşlar üçin
elýeterli bolan önümler çykarylar.
Xiaomi eýýäm Hytaýda adynda Mi bolan önümleri satmakdan ýüz öwürdi. Kompaniýanyň
wekiliniň aýtmagyna görä, brendinge şeýle çemeleşme internet zatlarynyň önümlerine hem
ýaýradylar diýip, daily.afisha.ru belleýär. Bu ady ýitiren ilkinji önüm hem Xiaomi Mi Mix 4
boldy. Aslynda, smartfon Xiaomi Mix 4. Indiki ýylyň başynda kompaniýanyň täze flagman
smartfon seriýasy çykar we bu Xiaomi 12 bolar.
Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy 2021-nji ýylyň iýun aýynda ilkinji gezek smartfon satuwy
boýunça dünýä lideri boldy. Counterpoint Research analitik agentliginiň maglumatlary
boýunça, onuň dünýä bazaryndaky satuw paýy 17,1% boldy. Ikinji orny 15,7% paý bilen
Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy eýeledi, üçünji orunda 14,3% bilen Apple
ýerleşdi.
Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinin
Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam