UPI-niň habar bermegine görä, Kanalettonyň köpden bäri ýitirilen işi
Angliýada tapyldy.
"Wenesiýa, keramatly Mark howzunyň gyrasyndan, Dogan burny" suraty
XVIII asyryň ortalarynda çekilen diýip çaklaýarlar. Ýüz ýyldan gowrak wagt bäri,
surat Lýuis şäherinde bir maşgalanyň öýünde durdy.
Ýaňy ýakynda suratyň soňky eýesi aradan çykdy. Onuň ejesi bu işi 1920-nji
ýylda satyn alypdyr. Ähtimal ol aýal, suratyň awtorynyň eýesiniň kimdigini
bilýärdi, ýöne satmak islemedi.
Kanalettonyň bu işi 28-nji sentýabrda auksiona çykarylar. Suratyň bahasy
200 müň dollar diýlip çaklanylýar.
Kanaletto (Jowanni Antonio Kanal) – iň meşhur wenesiýaly suratkeşleriň
biridir. Ol 1697-nji ýylda doguldy we 1768-nji ýylda aradan çykdy. Ilki başda
Kanal, deslapky garalamalar bolmadan hakyky keşplere seredip surat çekýärdi, soň
bolsa, obskur kameralary ulanyp studiýada işläp başlady . Ol şäher landşaftlarynyň
ussadydy. Onuň suratlarynda Wenesiýa ýylyň dürli döwürlerinde şekillendirilýär.