Halkara alymlar topary, maýmynlarda synag geçirdiler we prozak
antidepressantyň kabul edilmeginiň olaryň beýnisine ýaramaz täsir edendigini
anykladylar.
Alymlar prozak antidepressantyny iki ýyllap kabul eden makalaryň
beýnisinde lipidleriň derejesiniň peselendigini gördüler. Umuman, işiň asly,
lipidleriň diňe bir öýjük membranalary üçin gurluşyk materiallary we energiýa
saklanýan ýer bolman, eýsem aksonlaryň miýelin gabyklarynyň esasy düzüm
bölegi bolup durýandygydyr. Gözlegçileriň sözlerine görä, beýniniň 60% töweregi
ýagdan ybaratdyr.
Şeýle hem adamyň ganyndaky lipidleriň derejesi bilen şizofreniýa, depressiýa
we Alsgeýmer keseli ýaly dürli keselleriň gidişiniň arasynda baglanyşyk bar.
Makalarda 300-den gowrak öwrenilen lipidleriň ep-esli böleginiň
konsentrasiýasy azaldy. Şeýle-de bolsa, gowy habar, hem bar: gözlegçiler,
lipidleriň düzümindäki deňagramsyzlygyny, dogry iýmitlenmek bilen düzedip
boljakdygy öňe sürýärler.
Antidepressantlar beýni üçin zyýanly bolup çykdy
