Sleep Health neşiri, koronawirus pandemiýasynyň, dünýädäki dürli
ýurtlardaky adamlaryň ukusyna edýän täsirini anyklamaga gönükdirilen global
barlagyň netijelerini çap etdi.
Barlaglara, dünýäniň 79 ýurdundan 991 adamyň gatnaşandygy habar berildi.
Görnüşi ýaly, pandemiýa dünýädäki adamlaryň uky ýagdaýyna ýaramaz täsir
edipdir. Hususan-da, soraga gatnaşanlaryň köpüsi – 56,5% – uky bilen
baglanyşykly meseleleriň bardygyny habar berdiler. Gatnaşanlaryň üçden iki
bölegi diýen ýaly ukynyň dowamlylygynyň üýtgemegi, giç uklamagy we düýş
görmegiň ýygylygynyň ýokarlanmagy görnüşinde, özüni görkezýän "gijikdirilen
uky fazasyny" başdan geçirdi.
Şol bir wagtyň özünde, bäş gatnaşyjynyň biri uklamagyň adatdakysyndan has
köp wagt alandygyny habar berdi. Mundan başga-da, hünärmenler şeýle uky
bozulmalarynyň aýallarda erkeklere garanyňda has ýygy duş gelýändigini
anykladylar.
Koronawirus pandemiýasy dünýädäki adamlaryň ukusyny ýaramazlaşdyrdy
