Güýzde aýlarynda Dubaýda, syýahatçylar üçin hökman zyýarat mekanyna
öwrülip biljek ägirt uly desga açylar – bu Ain Dubaý, dünýädäki iň uly tomaşa
çarhy diýip, ATOR habar berýär.
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda açylmagy meýilleşdirilýän attraksionyň
beýikligi 250 metrden gowrak. Bu Angliýanyň paýtagtyndaky London Eye-den
iki esse uludyr.
Ain Dubaý Bluewaters adasynda ýerleşýär, halkdan şäheriň panorama
görnüşini görmek bolýar. Täze attraksion gije-gündiziň dowamynda işlär.
Desganyň gurluşygyna 11 müň tonna polat ulanyldy – Eýfel diňinň
gurluşygyndan iki esse köp.
Halkada bir wagtyň özünde 1750 myhman aýlanyp biler.