Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy şu gün, 15-nji oktýabrda
Kuweýtiň paýtagty El-Kuweýt şäherinde ýerli ýygyndy bilen ýoldaşlyk
duşuşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty
habar berýär.
“Al-Kuweýt” stadionynda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.
Bu duşuşykda ilki bolup hasaby ýygyndy toparymyz açmagy başardy.
Ýygyndymyzyň düzüminde oýnuň 70-nji minutynda Arslanmyrat Amanow
tapawutlandy. 81-nji minutda Omar Al-Hebaýter hasaby deňlän topy öz adyna
ýazdyrdy.
Ýeri gelende bellesek, dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynyň “H”
toparçasynda çykyş edýän milli ýygyndymyz saýlama tapgyrynyň dördünji
tapgyryny goýberýär.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Türkmenistanyň ýygyndysy Kuweýtiň ýygyndy topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
Türkmenistanyň ýygyndysy Kuweýtiň ýygyndy topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
