Ýatmazdan öň smartfon ulanmagyň zyýanly täsiriniň bardygy – her bir adama
bellidir. Russiýaly psiholog we Amaly Psihologiýa Merkeziniň müdiri Sergeý
Klýuçnikow şeýle endigiň ertirki güne, nähili ýaramaz täsir edip biljekdigi barada
gürrüň berdi.
Şeýlelik bilen, bir adam smartfon ýa-da kompýuter bilen ýatmazdan öň, wagt
sarp etse, onda ukusyzlyga duçar bolmak ähtimallygy bar. Bu dynç alyşyň şu
görnüşi sebäpli ýüze çykýan çakdanaşa tolgunmak bilen baglanyşyklydyr
diýip,Sputnik radiosy habar berýär.
Öz gezeginde adaty uky ýetmezçiligi ertirki gün, fiziki we psihologiki
ýadawlyga sebäp bolýar. Bu bolsa adamyň durmuşyny "haýalladýar", adaty
aragatnaşygyna, işine we saglygyna päsgel berýär.
Mundan başga-da, Klýuçnikow şeýle ýadawlygyň, duýgurlylyk emosionaliň
soňky derejesine ýetip bilýän, newroz ýagdaýy adama öwürýändigini ( tutgaýly we
negatiw ýagdaý) aýtdy.
Lukman ýatmazdan öň smartfon ulanmagyň ertirki güne ýetirýän täsirini açyklady
