Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Kaka etrabynda döwrebap dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, şol dabarada eden çykyşynda Babadaýhan etrabynda-da täze toplumynyň gurluşygynyň dowam edýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda umumy bahasy 151 800 000 amerikan dollaryna deň bolan, önümçilik kuwwaty bir ýylda 3 300 tonna inçe süýümli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyply dokma toplumynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen: «Biz geljekde hem milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmäge uly üns bereris. Pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga, içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dokma önümleriniň önümçiligini köpeltmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça zerur işleri geçireris» diýip nygtady.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda 25-nji awgustda işe girizilen Kaka dokma toplumy iri önümçilik kärhanasy bolup, onuň umumy bahasy 147 850 000 amerikan dollaryna barabardyr. Bu toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 3 650 tonna ýokary hilli ýüplükleri, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyplydyr. Bu iri toplumyň işe girizilmegi bilen, onda 1 müň 300 adam zähmet çeker.

Toplumyň tutýan meýdany 18 gektardan ybarat bolup, onda önümçilik binalaryndan başga-da 2 gatly edara binasy, önümçilik ammarlary, transformator bekedi, ussahana, ýangyn howpsuzlyk binalary, awtoulag duralgalary bar. Şeýle hem bu ýerde işgärlere amatly şertleri döretmek üçin 450 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, 2 sany 16 orunlyk myhmanhana ýerleşýär.