Kaka etrabynda bina edilen täze dokma toplumynyň açylyş dabarasynyň dowamynda topluma degişli halkara düzümleriň güwänamalarynyň birnäçesi gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidenti “Monforts” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Stefan Flýotyň hem-de “SGS” kompaniýasynyň daşary ýurtlarda güwälendiriş hyzmatlary boýunça dolandyryjysy Bora Şengülüň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlaryny diňledi. Olar täze dokma toplumyna abraýly güwänamalaryň gowşurylýandygyny mälim etdiler.

Hususan-da, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky täze dokma toplumyna:

 “Monforized” kompaniýasynyň güwänamasy;

 ISO 9001 we SA 8000 güwänamalary;

 önümçilik ulgamynyň ähli tapgyrlarynda zyýanly himiki serişdeleriň ýoklugyny we onuň howpsuzlygyny tassyklaýan OEKO-TEХ Standard 100 güwänamasy

gowşuryldy.

Ýeri gelende bellesek, “SGS” topary önümler we dolandyryş ulgamlary üçin gözleg, synag, barlag we güwänama hyzmatlaryny ýerine ýetirýän dünýä belli kompaniýadyr. Dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak we ösdürmek strategiki çözgütdir, ol kärhanalara umumy öndürijilige ähli güýçleri jemlemäge, sarp edijileri ýokary hilli önümler we hyzmatlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär, munuň özi kärhanadan daşky gurşawy goramak boýunça iň ýokary hil görkezijisini hem-de ygtybarlylygy talap edýär.

Açylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdy, onda täze dokma toplumynda öndürilen, ekologik taýdan arassa ýüplüklerden taýýarlanylan dürli görnüşli taýýar önümler — çagalar we ulular hem-de zenanlar üçin niýetlenen egin-eşikleriň köp görnüşleri görkezildi.

Türkmen Lideri Kaka etrabyndaky täze dokma toplumyna 10 sany täze awtobusyň, ýeňil awtoulagyň we 2 sany ýük awtoulagynyň açarlaryny gowşurdy.