“Mançester Ýunaýted” toparynyň hem-de Portugaliýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştiano Ronaldu Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
36 ýaşly oýunçy milli ýygyndy üçin iň köp pökgi geçirilen, rekordy täzeledi. Hüjümçi öz Instagram sahypasynda, ýadygärlik şahadatnamasy bilen düşen suratyny ýerleşdirdi.
“Ginnesiň rekordlar kitabyna sag bolsun aýdýaryn. Dünýä rekordynyň eýesi hökmünde ykrar edilmek, hemişe ýakymly duýgy. Has üstünlikli netijelere ýetmäge synanyşarys! ” – diýip, Ronaldu ýazdy.
1-nji sentýabrda Ronaldu 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynda Irlandiýa toparyna garşy oýunda (2:1) goşa gol saldy we Eýranly Ali Daeiniň milli ýygyndy üçin iň köp pökgi geçiren rekordyny täzeledi. Daeiniň hasabynda 109 pökgi, Ronaldoda 111 geçirilen pökgi bar.