Beýik Britaniýanyň Karollygynyň teňňeler köşgi Winni-Puhy, “Winni Puh we onuň dostlary” atly köp sanly teňňeler toplumy bilen hormatlamak kararyna geldi. Şu ýylyň 14-nji oktýabrynda mahmal aýyjygyň başdan geçirmeleri baradaky ertekiň çykanyna 95 ýyl dolýar.

“Winni Puh we onuň dostlary” atly teňňeler toplumynyň görkezilişi, penşenbe güni geçirildi. Teňňeler ýylyň ahyryna satuwa çykarylar we üç ýylyň dowamynda ýuwaş-ýuwaşdan satuwa goýberiler. Olary toplumlaýyn ýa-da aýratynlykda hem satyn alyp bolar.

50 penso nyrhy görkezilen, dokuz görnüşli altyn, kümüş we ýörite dürli reňkli teňňelerdäki şekiller, Winni Puhyň ilkinji neşiri üçin suratkeş Ernest Şepardyň meşhur suratlaryna esaslanyp çekilipdir.

Teňneleriň daşky görnüşi üçin Günorta Uelsda ýerleşýän Karollygyň teňňeler köşgüniň dizaýneri Daniel Torn jogapkär. Onuň sözlerine görä, bu eser “ajaýyp tejribe we çynlakaý synag” boldy.