Halkara sport gözleg merkeziniň sanawyna görä, (CIES Football Observatory) “Pari Sen-Žermen” toparyň hüjümçisi Kilian Mbappé “Uly bäşligiň” (Angliýa, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa we Fransiýa) iň gymmat oýunçysy diýip hasaplanýar.
Fransiýanyň milli ýygyndy toparynyň 21 ýaşly hüjümçisiniň transfer bahasy 265,2 million ýewro diýip, guramanyň web sahypasynda habar berilýär. Sanawda ikinji orunda “Mançester Siti” toparynyň hüjümçisi Rahim Sterling (223,7), üçünji orunda “Liwerpul” toparynyň oýunçysy Muhammet Salah (175.1) bar.
Analitikleriň maglumatlaryna görä, Lionel Messiniň (Barselona) transfer bahasy 125,5 million ýewro, Kristiano Ronaldo (Ýuwentus) – 80,3 million, Neýmar (PSŽ) – 100,4 million. Transfer bahasy 100 mln ýewrodan ýokary bolan, Ýewropanyň iň gowy 5 ligasynyň 20 oýunçysynyň 11-siniň, Angliýanyň klublarynda oýnaýandygy bellendi.