Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Gylyçmyrat Döwletow
- Güllere beslenen gözel ýurdumda,
- Ynsanperwer gatnaşyklar berkeýär.
- Dünýä ady dolan Lider goýnunda,
- Ilimiz abadan, halkym bagtyýar.
- Eşretli zamanyň hözürin görüp,
- Okaýas, bilimden alyp binýady.
- Rowaçlyklar içre bagta ýar bolup,
- Watanymyň ady Dünýä ýaýyldy.
- Päk arzuwlaň hasyl bolýan mesgeni
- – Sowulmaz ýazlaryň ülkesi, ýurdum.
- Synlanyňda diýarymyň keşbini
- – Ýada salýar ajap düýşleň ýorgudyn.
- Bu goja zeminiň juwan ýüregi,
- Pederleriň namysynyň tugydyr.
- Şu eziz Watanyň perzendi bolmak
- – Ýer ýüzünde iň bagtly duýgydyr.