Hasabat döwründe öndürilen önümleriň hem-de gurluşyk-senagat pudagynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 129,2 göterim berjaý edildi.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda bellenilen işleriň meýilnamasy 110,5 göterim ýerine ýetirildi.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 124,9 göterim berjaý edildi.
Ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 120,4 göterim ýerine ýetirildi.
Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüşi 111 göterime, ony eksport etmegiň ösüşi bolsa 135,8 göterime deň boldy.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni önümleri öndürmegiň hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny 136,2 göterim berjaý etdi.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 165,8 göterim derejede amal edildi.