Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüşi 120,8 göterime, önüm öndürmegiň ösüşi bolsa 117,6 göterime deň boldy.
Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen nah ýüplügiň we matalaryň öndürilişi, degişlilikde, 116,8 göterim hem-de 104,4 göterim, tikin we örme önümleri boýunça 121,8 göterim, gön önümleri boýunça 104,3 göterim ýerine ýetirildi.
Ýylyň başyndan bäri «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 110,1 göterim berjaý edildi, şunda ösüş 155,2 göterime deň boldy.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu ýylyň sekiz aýynda birža söwdalarynyň 198-si geçirilip, şolarda 20 müň 866 şertnama bellige alyndy.
Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan amala aşyrylan işleriň ösüşi 105,7 göterime deň boldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 137,4 göterime, senagat önümçiligi boýunça bolsa 107 göterime barabar boldy.