Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere laýyklykda, hasabat döwründe okuw işini kämilleşdirmek, ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermek, olary milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemek babatda degişli işler geçirildi.
Talyp ýaşlar hem-de mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallara, dürli derejedäki diplomlara mynasyp boldular.
Ýylyň başyndan bäri halkara guramalar hem-de hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen köp sanly onlaýn okuwlar we ylmy maslahatlar guraldy.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglylykda, toplumyň garamagyndaky ministrlikleriň hem-de Ylymlar akademiýasynyň merkezi edaralarynyň düzümi kämilleşdirildi.
Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda, ministrlikleriň garamagyndaky ylmy edaralarda hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri utgaşykly alnyp baryldy.
Saglygy goraýyş ulgamynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama hem-de «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa tassyklanyldy.
Bilbil ÇARYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 101-nji toparynyñ talyby

RU












