14-nji sentýabrda Ýer ýüzünde köptaraplaýyn gepleşikler üçin ýeke-täk forum bolup hyzmat edýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisi resmi taýdan öz işini tamamlady. Tutuş dünýäni gurşap alan adatdan daşary ýagdaýlara garamazdan, ýylyň dowamynda Baş Assambleýanyň plenar mejlisleriniň 103-siniň, ýokary derejeli duşuşyklaryň 16-synyň, ýörite mejlisleriň 2-siniň geçirilmegini, ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça Kararnamalaryň 320-den gowragynyň kabul edilmegini bolsa onuň üstünlikleriniň hataryna goşup bileris. Şunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wise-başlyklyk eden Bitarap Türkmenistanyň tagallalary, öňe süren halkara başlangyçlary aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu jogapkärli wezipäni indi 6-njy gezek abraý bilen ýerine ýetiren ýurdumyz — 14-nji sentýabrda badalga alan 76-njy mejlisde-de ileri tutýan garaýyşlaryny, milli Lideriniň täzeçil tekliplerini dünýä bileleşigine hödürledi.
Milliardlarça ynsana has oňat geljegi gurmaga umyt berýän Birleşen Milletler Guramasy hormatly Prezidentimiziň yzygiderli nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyz üçin möhüm, ileri tutulýan hyzmatdaş bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
1-nji ýyllyk talyby Saparmyradow Bagybeg