Sentýabr aýynyň başynda badalga alan Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişi ýokary depginde dowam edýär. Oba hojalygyň möhüm möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy. Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Daýhanlar ýokary hilli tohum, mineral dökünler, döwrebap tehnikalar, ýeterlik mukdarda himiki serişdeler we suw bilen üpjün edilýär.
Ýurdumyzda 690 müň gektara bugdaý ekiler. Ussat daýhanlar şonça meýdandan 2022-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde habar berlişi ýaly, şu möwsümde Türkmenistan boýunça dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”, “CLAAS”, “Case” kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlar, ekijileriň we bejergi traktorlar hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.