Salwador döwleti sanly pul bolan bitkoin kriptowalýutasyny milli pul birligi hökmünde kabul etdi. Bitkoin kriptowalýutasy ilkinji gezek bir ýurdyň pul birligine öwrüldi. Salwador ilkinji 200 Bitkoinini satyn aldy. Bu barada atavatan-turkmenistan habar saýty belläp geçýär.
Ýurduň hökümeti kriptowalýutany ýaýratmak üçin sanly gapjygy bolan her bir raýata 30 dollar möçberinde Bitkoin mugt berjekdigini habar berdi.
Şol bir wagtyň özünde ýurtda täze kanun kabul edildi, kanuna görä “Bitkoini” kabul etmeýän kärhanalara jerime salnar. Daşary ýurtly raýatlar bolsa, 3 bitkion (150 müň amerikan dollar) maýa goýum goýasalar, ýurtda ýaşamak üçin rugsatnama beriler.
6 million 500 müň ilaty bolan Salwadorda kriptowalýutanyň ulanylmaga başlanmagy orta möhletde “Bitkoina” bolan ynam artar.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
Institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.