Watan duýgusy, Watana bolan mukaddes söýgi bize pederlerimizden miras galypdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän şeýle aýtgy bar «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar». Ýagny, geçmişde merdana halkymyzyň eden yhlasy ençeme asyrlaryň küýseginden soň miwelerini berdi, bu mukaddes topragy goramakda, aýap saklamakda, geljekki nesillere miras galdyrmakda pederlerimiziň eden janypkeşligi ýerde galmady. Netijede, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda ata-babalarymyzyň arzuwy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin!» diýen täsirli jümlelerinde jem bolup, ata Watanymyz Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazandy.

Garaşsyzlyk halkymyzyň alnyndan bagt nury bolup dogdy. Garaşsyzlygyny gazanmak bilen, dünýä kartasynda täze emele gelen döwlet hökmünde Türkmenistan Diýarymyzyň goýnunda halkymyz milli baýlyklaryna eýe boldy, däp-dessurlaryny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik aldy.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde hemişelik Bitaraplygymyzy gazanmagymyz ýene bir uly syýasy üstünligimiz bolup, dünýä doldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda, 25 döwletiň awtordaş bolmagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmegi türkmen halkynyň taryhynda iň ajaýyp wakalaryň boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa gaýtadan ikinji gezek 193 döwletiň goldamagynda ykrar edildi. Bu halkara resminama dünýäniň 47 döwleti awtordaş bolup çykyş etdi. Bitaraplygymyz hem Garaşsyzlygymyz deýin merdana halkymyzyň asyrlarboýy arzuwlan mukaddesligidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» atly kitabynda şeýle jümleler bar: «Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy döwlet-syýasy ülňüsi hökmünde seçip aldy. Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan Türkmen Bitaraplygy hakykatdan hem gudratdyr». Bu setirler Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämize gudrat hökmünde garaýandygynyň anyk subutnamasy bolup durýar. Eýsem, gudrat näme? Bu düşünjäni şeýle beýan etmek bolar:

ol uzak taryhyň dowamynda belli bir pikire gelip bilmedik ýa-da ylalaşyk gazanyp bilmedik halklary dawa-jenjelsiz ýakynlaşdyrmaga ýakyndan ýardam etmek;

ol ähli döwletler bilen deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek;

ol sebitde we dünýäde durnuklylygy, parahatçylygy saklamaklyga ýardam etmek…

Häzirki zaman halkara gatnaşyklary şertlerinde dünýä bileleşigi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýa kabul edildi. Bu bolsa milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýäde uly goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Bitaraplygy ugur edinýän daşary syýasaty dünýä bilelişigi tarapyndan ykrar edilen, Aziýada ylalaşdyryjy merkeze öwrülen Türkmenistan özüniň hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bilen halkara gatnaşyklar ulgamynda uly abraýa we orna eýe boldy. Ýurdumyzyň özboluşly daşary syýasaty, onuň hemişelik Bitaraplygy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gollanma eýedir. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy üpjün etmegiň we geosyýasy deňagramlylygyň saklanmagynyň esasy girewiniň biri hökmünde ykrar edildi. Türkmenistanyň daşary syýasatda gazanan ajaýyp üstünliklerini we halkara gatnaşyklar ulgamynda tutýan ornuny suratlandyrmak üçin aşakdaky maglumatlary getirmek hem ýeterlikdir.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalaryna alty gezek wise-başlyklygyna saýlanmagy hem ýurdumyzyň at-abraýynyň beýikliginiň, dünýä meşhurlygynyň nyşanydyr. 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň arasyndaky abraýyny has-da berkitdi.

Dünýä ýene-de üçünji müňýyllykda türkmen paýhasyna hem-de parasatly döwlet Baştutanymyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlaryna aýratyn gyzyklanma bildirýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň geljegi nazarlaýan daşary syýasat ýörelgeleri bilen berk baglanşyklydyr. Şol ýörelgeler öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden, milletimiziň milli aýratynlyklaryndan alyp gaýdýar. Türkmen halkyna mahsus häsiýet aýratynlyklarynyň biri bolsa, ol diňe özi asuda-abadan durmuşda ýaşaman, töweregindäki halklaryň hem döwletleriň parahat durmuşda ýaşamagyny arzuw edipdir. Bu babatda «Ata-Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Abadan kent tüssesinden belli», «Göwni açygyň – ýoly açyk» ýaly birnäçe pähim-paýhasa ýugrulan atalar sözlerini döredipler. Bu gün bolsa Gahryman Arkadagymyz dünýäniň depesinde bagtyýarlyk hem asudalyk tuguny dikmek, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmak üçin Zemin giňişliklerine ýol salan parahatçylyk kerweniniň Baştutany bolup, agzybir halkymyzyň, ähli halklaryň köňül söýgüsini, çäksiz alkyşyny gazanýar. Hut, şu nukdaýnazardan hem 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany kabul etdi. Bu bolsa milli Liderimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatyndan gözbaş alýan daşary syýasy strategiýasynyň dünýäde barha dabaralanýandygyny äşgär etdi.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýyny barha belende götermek ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Döwletmyrat Tejenow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.