16-njy sentýabrda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ýene-de bir desganyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy.

Ýurdumyzyň taryhyndaky şanly seneler mynasybetli dabaraly çäreleriň geçiriljek ýeri bolan bu toplum Aşgabadyň günorta böleginde kemala gelýän täze edara ediş-medeni merkeziň ajaýyp binagärlik toplumy bilen sazlaşykly utgaşdy.

Täze desganyň ajaýyp keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri hem-de häzirki zamanyň binagärlik çözgütleri ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Bu toplum kaşaňlygy bilen haýran galdyrýar.

Ine, indi 30 ýylyň dowamynda mähriban halkymyz özbaşdak ýagty geljegini gurýar, tutanýerli zähmet çekip, eziz Watanymyzy gülläp ösýän mekana öwürýär. Mähriban topragymyzda öňden gelýän däp-dessurlara we mirasa sarpa goýulýar. Halkymyz şu günüň gazananlaryna buýsanýar hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Geçen gysga döwrüň içinde ýurdumyz dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi, onuň halkara giňişlikdäki abraýy barha artýar.

Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň taryhyndaky şanly wakalar mynasybetli guralýan baýramçylyk feýerwerki paýtagtymyzyň asmanyny köpöwüşginli reňkler bilen ýagtylandyryp, şu günki dabaranyň ajaýyp pursatlaryna öwrüldi.

Berdiýewa Aýsoltan 

Türkmen döwlet bingärlik-gurluşyk

institutynyň mugallymy