Kembrij uniwersitetiniň gözlegçileri molekulanyň ululygynda täze "kamera"
döretdiler. Ol himiki reaksiýalaryň gidişini hakyky wagtda görlüp-eşidilmedik
derejede ýakyndan synlamaga mümkinçilik berdi. Bu barada msn.com habar berdi.
Aslynda, bu enjam altyn nanobölejikleriň, kwant nokatlary we molekulýar
"ýelim" diýlip atlandyrylýan ýarymgeçiriji nanokristallaryň toplanmasydyr. Ol
dürli molekulalar reaksiýa wagtynda biri-biri bilen täsirleşende nämeleriň bolup
geçýändigini anyklamak üçin fotosinteze meňzeş prosesi ulanýar.
Alymlar öz hyýallaryny hakykata öwürmek üçin birnäçe synag geçirip
gördüler. Ilkinji synanyşykda altyn nanobölejikler erginden gaçyp, gözegçilikden
çykdy we synag başa barmady. Haçan-da gözlegçiler kwant nokatlaryny goşan
badyna, kamera ýygnanyp, degişli ululykda ýerleşdi.