Ýakynda Xiaomi Hindistanda “Redmi 10 Prime” atly täze smartfonynyň
tanyşdyryş çäresini geçirdi. Bu barada xda-developers.com habar berdi.
"Redmi 10 Prime" tutuşlygyna "Redmi 10"-yň adaty wersiýasyna meňzeýär
diýen ýaly. Bir tapawudy – täze modelde batareýanyň kuwwaty
ýokarlandyrylypdyr. Ýagny, täze önümde 6000 mAh akkumulýatory, "Redmi 10"-
da bolsa 5000 mAh akkumulýatory bar. Täze model 18 watt simli we 9 watt simsiz
zarýad bermegi goldaýar.
"Redmi 10 Prime"-da FHD+ durulykda we 45-den 90 Hz-a çenli
uýgunlaşdyrylan kadr ýygylygynda 6,5 ​​dýuýmlyk LCD paneli bar. Şeýle hem onda
8MP selfi kamerasy üçin ýer göz öňünde tutulan. Yzky panelde bolsa 50 MP, 8
MP, 2 MP we 2 MP durulykda dört sany sensorly kamera bar.
"Redmi 10 Prime"-da MediaTek Helio G88 prosessory oturdylypdyr. Çip
bolsa 4/6 GB RAM we 64/128 GB içerki ýat bilen bilelikde işleýär. Şeýle hem
onda gapdal barmak yz skaneri, USB Type-C porty we adaty gulaklyk birikdirilýän
ýer bar.
"Redmi 10 Prime" smartfonynyň hindi bazaryndaky satuwy 7-nji sentýabrda
başlar.

Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetinin

Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam