Köp žurnalistleriň we ulanyjylaryň “Apple Watch”-iň akylly sagat bazarynda
gürrüňsiz liderdigine tüýs ýürekden ynanýandygyna garamazdan, 2021-nji ýylyň
ikinji çärýeginde bu segmentde Xiaomi öňe geçmegi başardy. Bu barada pcnews.ru
habar berdi.
Hawa, ýylyň ikinji çärýeginde Apple liderligi elden giderdi. Hytaýly IT ägirdi
bolan Xiaomi hasabat döwründe 8 million akylly sagat satmagy başaran bolsa,
“Apple” bary-ýogy 7,9 million sagat satyp bildi.
Elbetde, şunuň ýaly gowy görkezijileri bilen Xiaomi beýleki dakynylýan
elektronikalary öndürijilerden – Huawei-den, Samsung-dan we Fitbit-den hem
üstün çykmagy başardy diýip, Wccftech belleýär.
Ýeri gelende bellesek, täze “Mi Band”-iň çykarylmagy hytaý markasynyň
üstünliginde möhüm rol oýnady. “Apple” täze “Apple Watch Series 7”-ni sentýabr
aýynda ýaňy bir tanyşdyrmagy meýilleşdirýän bolsa, Xiaomi özüniň "agyr
artilleriýa" diýlip atlandyrylýan “Mi Band 6” akylly sagadyny diňe bir
tanyşdyrman, eýsem satmaga hem başlady.
Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinin
Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam