W.G.Rasputin adyndaky "Adam we tebigat" 20-nji Baýkal halkara film
festiwaly geçirildi. Ol Sergeý Debižewiň režissýorlyk eden "Gökdäki Krym"
dokumental filmi bilen açylar. Bu barada Irkutsk sebitiniň hökümetiniň metbugat
gullugyna salgylanyp, www.ogirk.ru habar berdi.
Festiwalyň bäsleşik maksatnamasyna 31 sany – dokumental, ylmy-populýar,
fantastiki, animasiýa we doly gümmezli filmler girdi. Olary dünýäniň 11
ýurdundan: Russiýadan, Şwesiýadan, Germaniýadan, Kanadadan, Eýrandan,
Ysraýyldan, Argentinadan, Awstraliýadan, Lesotodan, Günorta Afrikadan,
Italiýadan bolan režissýorlar taýýarladylar. Olaryň köpüsi bolsa Russiýanyň we
Germaniýanyň režissýorlary tarapyndan hödürlenildi.
Maksatnama birnäçe ýurduň bilelikdäki döreden filmlerini hem öz içine alýar.
Olaryň arasynda Russiýa, Belarus, Gwatemala, Ukraina, ABŞ, Bolgariýa we
Slowakiýa ýaly ýurtlaryň on filmi bar.
Emin agzalary “M.I. Romm adyndaky iň oňat dokumental film”, "I.D. Çerski
adyndaky iň gowy ylmy-populýar film", "L.I. Gaýdai adyndaky iň gowy çeper
film", "Iň gowy animasiýa filmi", "Iň gowy doly gümmezli film" ugurlary boýunça
ýeňijileri kesgitlärler. Iň möhüm ekologiýa meseleleri baradaky film öňe sürülýän
meseläniň ýitiligi üçin Baýkal baýragyny alar. Şeýle hem festiwalda ýaş eminleriň,
metbugat jemgyýetiniň we tomaşaçylaryň ýörite baýraklary gowşurylar.
Festiwalyň Gran Prisi hökmünde bolsa 200 müň rubl pul baýragy gowşurylar.