Hytaýyň Guangdun Tehnologiýa Institutynyň alymlary dört sany ýelpewaçly
uçýan robot döretdiler. Ol dikligine uçup, deňagramlylygyny ýitirmän uzyn-uzyn
ädimlemegi başarýar diýip, pcnews.ru habar berýär.
Hytaýly hünärmenleriň bu täze oýlap tapyşy, esasan, iş ýa-da diňe hereket
wagtynda päsgelçiliklerden geçip bilmän galan beýleki robotlara kömek etmek
üçin niýetlenendir.
Jet-HR2 diýlip atlandyrylýan bu robot dört ýelpewaçdan ybarat bolan
stabilleşdirme ulgamyna eýedir. Ýelpewaçlaryň ikisi robotyň aýaklaryna, beýleki
ikisi bolsa ýokarky bölegine ornaşdyrylandyr. Şeýle hem has özbaşdak bolmagy
üçin robot iki sany güýçli batareýa bilen enjamlaşdyrylan.
Hünärmenler robot üçin iki sany dolandyryjyny göz öňünde tutupdyrlar,
olaryň kömegi bilen operator uçuş wagtynda deňagramlylygy sazlap biler. Häzirki
wagtda uçuşlar synag tertibinde alnyp barylýar, şonuň üçin hem hünärmenler
howpsuzlyk gözükdirmelerinden peýdalanýarlar.

Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetinin

Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam