Italiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2022-nji ýylyň dünýä
çempionatynyň saýlama tapgyrynyň oýnunda Bolgariýanyň topary bilen deňme-
deň oýnady we özüniň utulyşsyz tapgyryny 35 oýna çenli uzaldyp, dünýä
rekordyny gaýtalady.
Italýan toparynyň düzüminde Federiko Kýeza (16-njy minut) gol geçirdi.
Myhmanlardan Atanas Iliýew tapawutlandy (39-njy minut).
Roberto Mançininiň topary utulyşsyz yzygider oýunlaryň sany boýunça dünýä
rekordyny gaýtalady. Mundan öň şeýle üstünligi diňe iki topar gazanypdy:
Ispaniýanyň milli ýygyndysy 2007-nji ýyldan 2009-njy ýyl aralygynda,
Braziliýanyň topary 1993-nji ýyldan 1996-njy ýyl aralygynda 35 oýunda utulmady.
Iň soňky gezek italiýalylar 2018-nji ýylda Milletler ligasynyň Portugaliýanyň
topary bilen oýnunda utulypdy (0:1).
2021-nji ýylyň tomsunda Italiýanyň milli ýygyndysy ýedi oýunda-da utup,
Ýewropa çempiony boldy.
Şeýlelik bilen, eger-de 5-nji sentýabrda Italiýanyň milli ýygyndysy
myhmançylykda Şweýsariýadan utulmasa, onda utulyşsyz oýunlaryň sany boýunça
ýeke-täk rekord eýesi bolar.
C toparynyň başga bir oýnunda Demirgazyk Irlandiýanyň milli ýygyndysy
çykyşda 4:1 hasabynda Litwanyň toparyny utdy. Toparda birinji orny Italiýanyň
milli ýygyndysy (10 utuk; 4 oýun) eýeleýär. Soňra Şweýsariýanyň (6; 2),
Demirgazyk Irlandiýanyň (4; 3), Bolgariýanyň (2; 4) we Litwanyň (0; 3) toparlary
gelýär.