Amerikaly repçi hem-de prodýuser Kanýe Uestiň täze “Donda” studiýa
albomy çykan gününden bäri esasy aýdym-saz hyzmatlarynyň birnäçesinde rekord
goýdy. Bu barada Apple Music we Spotify çeşmelerine salgylanyp, “Variety”
habar berdi.
RIA Nowostiniň ýazmagyna görä, şu ýekşenbe güni Internet ulgamynda
garaşylmadyk ýagdaýda ýaýradylan bu ýygyndy ilkinji 24 sagadynyň dowamynda
152 ýurtda “Apple Music Best Albom” diagrammasynda birinji ýeri eýeledi.
Mundan başga-da, “Donda”-daky 27 aýdymyň 19-sy “Apple Music”-iň dünýäniň
iň meşhur aýdymlaryny öz içine alýan “Daily Top 100 Global Playlist”-ine girdi.
Netijede, “Variety”-niň habaryna görä, “Donda” ilkinji gününde diňlenilen
sany boýunça boýunça 2021-nji ýyldaky rekordy täzeledi we “Apple Music”-e
çykan gününden bäri meşhurlygy boýunça üçünji albom boldy.
Mundan başga-da, Spotify striming hyzmaty Kanýe Uestiň onunjy albomynyň
2021-nji ýylda bir günde diňlenilen sany boýunça rekordy täzeländigini mälim
etdi. Bu babatda ol Oliwia Rodrigonyň “Sour” atly ilkinji albomy bilen gazanan
üstünligini yzda galdyrdy.
"Donda" albomy repçiniň öz merhum ejesine, şeýle hem ene-ata bolan
gatnaşyk, psihiki saglyk, adalat başgalar ýaly mowzuklara bagyşlanýar. Albomyň
ýazgysyna Jeý-Z, The Weeknd, Trewis Skott, Young Thug, Jay Electronica ýaly
meşhur ýerine ýetirijiler hem gatnaşdylar.
Kanýe Uestiň täze albomy iri aýdym-saz hyzmatlarynda rekord goýdy
