Oksford uniwersitetiniň matematikleri futbol taryhynda iň gowy oýunçyny
kesgitlediler. Klub we milli ýygyndy derejesinde oýunçylaryň gazanan
üstünliklerini göz öňünde tutýan özboluşly algoritmi ulanyp, alymlar dürli döwrüň
oýunçylarynyň görkezijilerini deňeşdirdiler.
Birinji orny “Mançester Ýunaýtediň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu eýeledi. Ol
“PSŽ-niň” hüjümçisi Lionel Messiden, şeýle-de meşhur braziliýaly oýunçy
Peleden öňe geçdi. “Daily Mail” gazetiniň maglumatlary boýunça, 36 ýaşly
portugaliýaly oýunçy 537 utuk gazandy diýip, prostoprosport.ru belleýär.
Şeýle-de, Ronaldu gollandiýaly Ýohan Kroýf, argentinaly Diego Maradona,
fransiýaly Mişel Platini ýaly futbolçylardan hem öňe geçdi. Oýunçylara 7 ölçeg
boýunça baha berildi:
1. Ýaryşyň otnositel güýji barada UEFA koeffisiýentiniň kömegi bilen baha
berilýän, klub derejesinde gazanylan milli we halkara kuboklar.
2. Milli ýygyndy derejesinde kuboklar – dünýä çempionaty üçin 150 utuk,
Ýewropa çempionaty we Amerikanyň Kubogy üçin 100 utuk, şeýle-de ýaryşyň iň
gowy bombardiri ady üçin goşmaça utuklar;
3. Klublar üçin gollar;
4. Milli ýygyndy üçin gollar;
5. “Altyn top” üçin ses berişlikde sesler (ses berenleriň umumy sanyndan
göterimde);
6. Şahsy rekordlar;
7. “Matematiki taýdan iň gowy möwsümler”, munda oýunçynyň gollary
topary uly ýeňişlere getirýär.