“Deloitte Sports Business Group”-yň geçiren derňewine görä, Premýer-
liganyň klublary tomusky transfer penjiresinde oýunçylar üçin 1,1 milliard ýewro
sarp etdi. Bu barada bookmaker-ratings.ru habar berdi.
Netijede, Premýer-ligada şu transfer penjiresinde edilen çykdajylar, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende – 11% (1,3 milliard ýewrodan azaldy),
2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende bolsa 19% azaldy (1,4 milliard ýewrodan
azaldy). Şunuň bilen baglylykda, hünärmenler şu möwsümiň tomusky transfer
penjiresiniň soňky alty ýylda iň az çykdajyly transfer penjiresi bolandygyny
bellediler.
Premýer-liganyň klublarynyň transfer çykdajylary 2020/21 möwsüminde
garaşylýan girdejiniň 10%-ine barabar boldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 18%
azdyr.
Premýer-liganyň klublarynyň arasynda transfer çykdajylary boýunça ilkinji
dörtlüge “Arsenal”, “Mançester Ýunaýted”, “Mançester Siti” we “Çelsi” girýär
diýlip, “Deloitte Sports Business Group”-yň geçiren derňewinde aýdylýar.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Premýer liganyň klublary tomusky transfer penjiresinde 1,1 milliard ýewro sarp etdiler
Premýer liganyň klublary tomusky transfer penjiresinde 1,1 milliard ýewro sarp etdiler
