Türkmenistan 14-nji sentýabrda açyljak BMG-niň Baş Assambleýasynyň
mejlisiniň barşynda 2021-nji ýylda Baş Assambleýanyň «Birleşen Milletler
Guramasynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda
hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak
başlangyjy bilen çykyş edýär.
Türkmenistan 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk etmeginiň barşynda ýokarda
görkezilen Kararnamanyň hem-de ählumumy durnukly parahatçylyk we ösüş
maksatlaryna ýetmegiň düzgünlerini ýerine ýetirmek maksady bilen, gurama agza
ýurtlaryň BMG-niň edaralary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär.
Adyndan belli bolşy ýaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitde
ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Eýran, Pakistan we Türkiýe
tarapyndan 1985-nji ýylda döredildi. XX asyryň ahyryndaky geosyýasy ýagdaýlar
bilen baglylykda, 1992-nji ýylda onuň düzümine 7 sany täze agza —
Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we
Owganystan goşuldy. Ýewropanyň, Kawkazyň, Merkezi we Günorta Aziýanyň
hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryny öz içine alyp, 528 milliondan gowrak ilaty
bolan bu sebit Russiýany Pars aýlagy, Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirýän
geosyýasy we geoykdysady artykmaçlyklara eýedir.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy babatda täze Kararnamany öňe sürer
Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy babatda täze Kararnamany öňe sürer

RU



