Smartfon öndürmek boýunça dünýä liderleriniň biri bolan Hytaýyň Xiaomi
kompaniýasy elektromobil öndürmek bilen meşgullanjak hususy golçur
kärhanasyny bellige almagyny tamamlady. Bu barada kompaniýanyň Weibo sosial
ulgamdaky resmi akkauntynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar diýip, TASS habar
berýär.
Täze “Sýaomi siçe” kompaniýasynyň düzgünnama maýasy 10 mlrd ýuan (1,5
mlrd dollar töweregi) boldy. Onuň kanuny wekili hökmünde Xiaomi-niň müdirler
geňeşiniň başlygy Leý Szýun tassyklandy. Öňümizdäki on ýylda Xiaomi
elektromobilleriniň önümçiligine umumy maýa goýum 10 mlrd dollara ýeter.
Kompaniýanyň hususy elektromobillerini işläp taýýarlamagy we öndürmegi
meýilleşdirýändigi baradaky bildirişi bilen degişli golçur kärhanasynyň bellige
alnyşynyň aralygynda bäş aý geçdi. Habarda Xiaomi-niň täze kompaniýa üçin
eýýäm 300 hünärmenden ybarat bolan topary ýygnandygy, ýöne ýokary hünärli
işgärleri gözlemegi dowam etdirýändigi aýdylýar. Şeýle-de, şu ýylyň iýul aýynyň
ahyrynda Xiaomi awtomobiller üçin sürüjisiz dolandyrmak tehnologiýalaryny işläp
düzmek bilen meşgullanjak ýörite gurluşyň döredilýändigi barada habar berdi.
Xiaomi 2010-njy ýylyň aprel aýynda esaslandyryldy we häzirki wagtda
dünýäniň iň uly smartfon öndürijileriniň hataryna girýär. 2018-nji ýylda ol
Gonkong biržasynda özüniň paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürledi.
Geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Xiaomi-niň bazar kapitallaşdyrmasy ilkinji
gezek 100 mlrd dollardan geçdi.

Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetinin

Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam