Joby Aviation kompaniýasynyň işläp taýýarlan ulagynyň synagy,
10-njy sentýabra çenli dowam eder we ol synag Kaliforniýada ýerleşýän
Jobiniň elektrik ulaglary bazarynda geçiriler. Uçuş synaglaryna NASA
tarapyndan baha berler diýip, Tech Xplore ýazýar.
Uçýan ulag eVTOL diýip at berdiler. Bu uçarlar geljekde adamlary
we harytlary göçürmek üçin, geljegi uly bolan ulag görnüşi hökmünde
baha berilýär.
NASA-nyň maksady – geljekdäki howa giňişligi düşünjeleri
modelirleme üçin,ulag önümleri barada maglumatlary ýygnamak. Synag,
taksi-uçaryny milli howa giňişligine goşmak üçin häzirki Raýat
awiasiýasynyň Federal administrasiýa düzgünlerindäki we
syýasatlaryndaky boşluklary ýüze çykarmaga kömek eder.