Amerikaly aýdymçy we aktrisa Beýonse, Will Smitiň ýakyn wagtda
görkeziljek “Karol Riçard” atly sport dramasy üçin “Be Alive” aýdymyny döretdi
we ýazga geçirdi diýip, Los Angeles Times habar berýär
Neşiriň habaryna görä, filmiň dünýä boýunça premýerasy şu aýyň başynda
“Telluraýd” film festiwalynda (ABŞ) geçirildi. Baýonseniň entek çykmadyk täze
kompozisiýasy, ahyrky titrleriň dowamynda ýaňlandy, bu hemmeler üçin ýakymly
sowgat boldy. Bu aýdymyň üstünde onuň bilen bilelikde DIXSON lakamy bilen
has gowy tanalýan sazanda Darýus Skottl işledi.
Beýonse bu aýdym üçin uly ähtimallyk bilen,Oskara baýragyna dalaşgär
bolup biler(ýyldyz üçin baýrak ilkinji bolar) hatda 2022-nji ýylda gowşurylyş
dabarasynda hem ýerine ýetirip biler diýip, Los Angeles Times belläp geçýär.
Beýonse «Oskar» baýragyna dalaşgär bolup biljek aýdym ýazdy
