Bolgariýanyň Razlog şäherinde mör-möjekleriň rahat gyş ukusyny geçirip
bilmekleri üçin ilkinji myhmanhana açyldy diýip,"Ýewropuls" habar berýär.
Myhmanhana gurçuklar, tomzaklar, çybynlar, kekeneler, arylar we teneçirler
üçin aýratyn "otaglary" bolan agaçdan ýasalan jaýa meňzeýär. Her "otag" tebigy
materiallardan – gozalardan, daşlardan we agaçdan ýasalan.
Dizaýnda, her "myhmanlaryň" aýratyn islegleri göz öňünde tutylýar. Mysal
üçin, keteneler bambuk taýaklarynda gyşlamagy gowy görýärler, şonuň üçin şeýle
taýaklardan ýasalan ýörite otaglar garaşýar.
Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynda hem mör-möjekler üçin
myhmanhanalary bar. Mysal üçin, Gollandiýada – gurçuklar üçin myhmanhanalar
we arylar üçin jaýlar bar.