Güýz aýlarynda adam organizmi, witaminleriň birnäçesini almagy bes edýär,
şonuň üçin umumy saglyk ýagdaýy käwagt «çökgün» bolýar. Russiýaly dietolog-
lukmanlar, adamyň özüni duýuşyny we immun ulgamyny gowulaşdyrmak üçin
ýylyň şu wagtynda iýilmeli iýmitleri sanap geçdiler.
Hünärmenleriň sözlerine görä, ilki bilen sitrus miwelerine üns bermeli. Olarda
keýpiňi gowulaşdyrýan we tutuşlygyna bedeniňi kuwwatlandyrýan, efir ýaglary
bar diýip, RT ýazýar.
Şeýle hem, peýdaly ýaglary ýatdan çykarmaň. Olar hoz, zeýtun ýagy,
awokado we ýagly balyk ýaly iýmitleriň düzüminde bolýar. Şol bir wagtyň özünde,
möwsümleýin miweleri we gök önümler iýmek peýdalydyr.
Lukmanlar güýz aýlarynda immun ulgamyny berkidýän önümleri maslahat berdiler
