Amerikanyň dietolog-lukmanlary uky düzgünini nädip sazlamalydygy barada
aýtdylar, bu barada Eat This, Not That! neşiri çap etdi.
Şeýlelik bilen, hünärmenler Jenna Gorhem we Kollin Kristenseniň sözlerine
görä, uky bilen baglanyşykly meseleleriň öňüni almak üçin, gündeki iýmitlenip
düzgünine gözegçilik etmeli. Hususan-da, ýatmazdan ozal alkagolly içgilerden ýüz
öwürmegi maslahat berdiler. Alkogolly içgiler, öz gezeginde, adamlara dynç
almaga kömek edýän, çalt uky fazalaryna zeper ýetirýär. Mundan başga-da,
alkogol uky üçin jogapkär gormonynyň – melatoninyň, öndürilmegini basyp
ýatyrýar.
Düzüminde az süýümleri bolan berhizler hem ukynyň hiline ýaramaz täsir
edýär. Şol sebäpden, adamlar çuňňur uka gidip we rahat uklap bilmeýärler. Munuň
öňüni almak üçin hünärmenler, adaty çörek we makarondan ýüz öwürmegi her
dürli däneden taýýarlanan çörek önümlerini maslahat berdiler. Ýatmazdan ozal
melatoniniň önümçiligini güýçlendirmek üçin bir stakan şekersiz alça suwuny içip
bilersiňiz.
Lukmanlar uky bilen bagly kynçylyklaryň bolmazlygy üçin maslahatlary berdiler
