Gözlegçiler topary atmosfera ýaramaz täsir edýän kömürturşy gazyny we
wodorody spirte – etanola öwürjek usuly işläp düzýärler. Etanol ýangyç
hökmünde,köp sanly ulgamlarda ulanylyp bilner.
Alymlar seziniň, misiň we sink oksidiniň birleşmeginiň kömürturşy gazyny
etanola öwürýän reaksiýany katalizläp biljekdigini anykladylar.
Bu usul geljekde, bölünip çykýan CO2-ni sorup alyp, ulanyp boljak ýangyja
ýa-da beýleki himiki maddalara öwrüp biler. Gyzykly tarapy, üç katalizatoryň hiç
biri ýekelikde, kömürturşy gazyny etanola öwrüp bilmeýär. Aýratyn hem seziý
möhüm bolup çykdy.
Häzirlikçe alymlara hemme zady has içgin öwrenmek garaşýar we bu usulyň
senagatda haçan ulanyljakdygyny entek aýtmak mümkin däl.
Alymlar kömürturşy gazyny spirte öwürmegi öwrendiler
