Ýaponiýada ýaşaýan Motimaru atly şotlandiýaly pişik, YouTube-da iň köp
görülýän pişigi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Umuman, onuň
wideohostingdäki rolikler 685 milliondan gowrak gezek görlüpdir. Indi ol resmi
taýdan YouTube-iň meşhur pişigi boldy.
Motimaru's Diary kanaly 2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda döredi.
Motimarunyň eýesi ilkinji günlerden başlap, kanalda pişigiň gündelik durmuşy
barada wideolar goýdy – tiz wagtdan ulanyjylar durmuş mazmunly bu wideolary
şeýle bir haladylar welin, adamlar pişigiň kanalynda abuna ýazylyp başladylar.
Häzir Motimaru's Diary kanalynyň 1,4 million wepaly janköýerleri bar.
Motimarunyň eýesi, pişigiň meşhurlygyny mähirli görnüşi we açyk ýüz keşbi
bilen düşündirýär.
Ýaponiýada ýaşaýan pişik Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
