Hyundai konserni we Urban-Air Port iňlis kompaniýasy 2022-nji ýylda uçýan
taksiler ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýärler. Ilki başda Kowentri şäherinde,
soňra bolsa London we Los-Andželes şäherinde işe giriziler.
Bloomberg neşiriniňbhabaryna görä, kompaniýalar Günorta Koreýada, ABŞ-
da, Kanadada, Awstraliýada, Germaniýada we başga-da birnäçe ýurtlarda uçýan
taksi ulgamlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler.Hyzmatdaşlar, geljekdäki bäş
ýylyň içinde, bütin dünýäde şuňa meňzeş ulgamlary döretmegi meýilleşdirýärler.
“Pudak ösýär we biziň göz öňümize getirýän, elektrikli uçýan apparatlary we
sürüjisiz taksileri bolan şäherleriň, ýakyn wagtda hakykata öwrüljekdigini bilýäris.
Ýöne, ýer ýüzünde we howada, bize zerur bolan infrastruktura bolmasa, bu bolup
bilmez", – diýip Urban-Air Port Irki Sandhu esaslandyryjysy belläp geçdi.
Şeýle awtoulaglaryň diňe bir megalopolisiň işewür etraplarynyň içinde däl,
eýsem has giň sebitlere, ýolagçylary eltip biljekdigi çak edilýär. Awtoulaglar
wodorod elementleriň kömegi bilen zarýad alar.
Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinin
Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam