Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri böwregiň bioimplantatyny
döretdiler. Enjam gan basyşynyň üsti bilen işläp, hiç hili batareýalara ýa-da beýleki
güýç çeşmelerine bagly däl.
Emeli böwrek klinikadan öňki synaglardan üstünlikli geçdi we eýýäm kliniki
tejribede ulanylýar. Maglumatlara görä, bu enjam dowamly böwrek ýetmezçiligi
bolan adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrar we dializ enjamynyň ýerini tutup
biler. Bioimplantyň ähmiýeti, gany arassalaýan kremniniň gemofilterine
esaslandyrylmagy, şeýle hem gandaky elektrolitleriň kadalaşmagyna jogapkär
adam böwreginiň hakyky öýjüklerini öz içine almagydyr.
Bu emeli böwrekleri ulanýan wagtyňyzdaky möhüm ýagdaý – immun
ulgamynyň täsirini kadalaşdyrmak üçin derman kabul etmegiň zerurlygy ýok.
Hünärmenler immun ulgamynyň, emeli böwrege tebigy we deň täsir etmegini
başardylar.