"Ýewropulsyň" habaryna görä, synag hökmünde Belgiýadaky hassahanalaryň
birinde hassalara, muzeýlere baryp görmegi belläp başladylar.
Dowamly stres sebäpli bejergi alýan hassalar, goşmaça bejergi hökmünde
mugt bilet alýarlar. Lukmanlaryň pikiriçe, sungat eserleri özüňi duýşuňy ep-esli
ýokarlandyryp biler.
Şeýle hassalary, bäş sany muzeý kabul etmäge razy boldy, olaryň arasynda
Häzirki zaman sungat muzeýi we Moda muzeýi ýaly müzeýler bar.
Stres bilen sungat arkaly göreşmek pikiri Kanadada döräpdir. Kanadadaky
kärdeşleriniň bu pikirini, Belgiýalylar ilkinji bolup Ýewropada ulanmagy karar
etdiler.
Lukmanlar "muzeý bejergisi" bellenen hassalara, 2022-nji ýyla çenli
gözegçilik ederler. Täze bejerginiň netijelidigi subut edilse, maksatnama giňeldiler
we ýurtdaky ähli keselhanalarynda ulanylar.