Amerikanyň Rokport suw howdanyndaky suw derejesi şeýle bir peseldi
welin, howdanyň ady bilen birmeňzeş atly şäheriň galyndylary suwuň üstünde
peýda boldy.
Ýuta ştatynda ýerleşýän Rokport şäheri 1860-njy ýyllara degişlidir. Onuň
ilaty hiç wagt 200 adamdan geçmedi. 1950-nji ýyllaryň başynda, ýerli häkimýetler
Wanship Dam taslamasynyň çäginde, şäheriň ýerinde bent gurmagy
meýilleşdirendikleri sebäpli şäheri suw bilen basmak kararyna geldiler, diýip KSL
habar berýär.
Şäher bütinleý suw astyna gitdi we emele gelen suw howdany syýahatçylaryň
arasynda meşhur ýere öwrüldi. Bu ýerde balyk tutmak, suwda lyžalarda typmaga
gidýärler, gyşda bolsa bu ýeriň töweregindäki eňňitler galyň gar gatlak bilen
örtülýär we lyžaçylar bilen garda typýanlary özüne çekýär.
ABŞ-da suw howdanynda hyýaly şäher «ýüze çykdy»
